ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýada orsýetli öňki gizlin agentiň zäherlenmegine jogap hökmünde azyndan 20 diplomaty ýurtdan çykarmaklyga golaýlady diýip, ABŞ-nyň we halkara media serişdeleri habar berdiler.
25-nji martda CNN we Reuters täzelikler agentlikleriniň habar bermegine görä, Trampyň 26-njy martda gelmegine garaşylýan karary Ýewropaly ýaranlaryň Britaniýanyň Salisbury şäherinde zäherli maddanyň ulanylmagyndaky hüjüme garşy hereketlerine bagly bolar.
Orsýetiň öňki gizlin agenti Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 4-nji martda huşsuz tapylyp, agyr halda galýar.
Britaniýanyň resmileri hüjümiň arkasynda Moskwanyň duran bolmagynyň “örän ähtimaldygyny” aýtdylar. Bu çaklamany Ýewropa Bileleşiginiň resmileri hem gaýtaladylar.
London Skripalyň zäherlenmegine jogap hökmünde 23 sany orsýet diplomatyny ýurtdan çykardy. Moskwa hem 23 britan diplomatyny Orsýetden çykarmak arkaly jogap berdi.