Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB onlarça rus diplomatyny ýurtlaryndan çykarýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal bilen onuň gyzy Ýulianyň Britaniýada nerwlere zyýan ýetirýän madda bilen zäherlenmegine jogap hökmünde, ýurtdan “onlarça rus aňtaw ofiserlerini” çykarmagy we Russiýanyň Seattledaky konsulhanasyny ýapmagy tabşyrdy.

Bu aralykda, Ýewropanyň 14 agzasy we Ukraina ruslaryň öz ýurtlaryndan hem çykaryljakdygyny yglan etdiler.

Mundan öň, Orsýetiň habar gulluklary Moskwanyň Polşadaky, Estoniýadaky, şeýle hem Latwiýa we litwadaky ilçileriniň bu ýurtlaryň daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklara çagyrylandyklaryny aýtdylar.

26-njy martda orsýetli diplomatlara salgylanylyp berlen habarda, ilçileriň näme sebäpden çagyrylandygy barada maglumat berilmeýär.

Bu hadysa Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal bilen onuň gyzy Ýulianyň Britaniýada nerwlere zyýan ýetirýän madda bilen zäherlenmegi sebäpli, Ýewropa Bileleşigine degişli käbir döwletleriň Orsýetiň diplomatlaryny ýurtdan çykarmaga taýýarlyk görýän mahalyna gabat gelýär.

Britaniýanyň Salisberi şäherinde 4-nji martda bir oturgyçda bihuş tapylan Skripallar şindi-de agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr.

Britaniýa Osýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini Skripallary öldürmek maksady bilen Sowuk urşy döwründe öndürilen we “Nowiçok” diýip atlandyrylýan nerw maddasy bilen zäherlänlikde aýyplaýar.

Ýewropa Bileleşigi 23-nji martda hüjümi kollektiwleýin ýazgaryp, bu işe Moskwanyň jogapkär bolmagy “juda ähtimal” diýip, jezalandyryş çärelerini girizmeli diýen ylalaşyga geldi.

Üç baltika döwleti, şeýle hem Polşa bilen Çehiýa respublikasy orsýetli diplomatlary ýurtdan çykarmak barada, pikir alyşýandyklaryny aýtdylar.

23-nji martda Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babis öz ýurdunyň Orsýetiň diplomatlaryny ýurtdan kowmagynyň “ähtimaldygyny” aýdyp, bu barada gelnen kararyň 26-njy martda yglan ediljekdigini bildirdi.

Mediýa neşirleriniň birnäçesiniň berýän maglumatynda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň-da Orsýetiň azyndan 20 diplomatyny ýurtdan kowmagynyň mümkindigi aýdylýar.

“CNN” bilen “Reuters” habar gullugynyň maglumatynda bolsa bu barada 26-njy martda belli bir karara gelinmeginiň mümkindigi we bu işiň Ýewopa ýurtlarynyň hereketlerine bagly bolmagynyň ähtimaldygy bellenýär.

24-nji martda Ak tamyň metbugat sekretarynyň orunbasary Raj Şah: “Birleşen Ştatlar Britaniýanyň tarapynda berk dur we Orsýetiň bu aýylganç işini ýazgarýar” diýip, Bloomberg neşirine aýtdy.

Raj Şah: “Prezident bu ýaramaz herekete jogap hökmünde, Orsýeti jogapkär etmegiň mümkinçilikleri hakda hemişe pikir alyşýar. Ýöne şu wagt bizde yglan eder ýaly maglumat ýok” diýdi.

Skripallaryň zäherlenmegine görkezilen reaksiýanyň çäginde, Britaniýa bular içaly diýip, Orsýetiň 23 diplomatyny ýurtdan kowdy. Diplomatlary çykarmak Ýewropa Bileleşiginiň Britaniýa bilen raýdaşdygynyň alamaty bolar.

Britaniýanyň goranmak ministri 26-njy martda Estoniýada eden çykyşynda, Orsýetiň Günbatary bölmek boýunça edýän synanyşyklaryny Günbatar ýurtlary yza serpikdirýär diýdi.

“Prezident Putiniň isleýäni Britaniýany öz ýaranlaryndan bölüp aýyrmak” diýip, goranmak ministri Gawin Williamson žurnalistlere aýtdy.

Orsýet Skripallaryň zäherlenmeginde eliniň ýokdugyny aýdýar. Moskwa Britaniýanyň ors diplomatlaryny çykarmagyna Britaniýanyň 23 diplomatyny çykarmak we beýleki çäreleri ýola goýmak bilen jogap berdi.

Orsýetiň öňki harby aňtaw gullugynyň işgäri 66 ýaşly Skripal 2006-njy ýylda Orsýetiň gizlin agentleriniň kimlerdigini Britaniýanyň Gizlin aňtaw gullugy MI6-a paş etmekde kazyýetde günäli tapyldy.

Ol 2010-njy ýylda Amerikada saklanýan Orsýetiň 10 içalysy bilen çalşylyp, türmeden boşadylan dört sany orsýetli tussaglaryň biri.

Kakasyny görmäge Moskwadan Britaniýa baran 33 ýaşly Ýulia Salisberi şäherine baranyndan bir gün soňra, ikisi-de agyr ýagdaýa keselhana düşdüler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG