Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan owgan hökümetiniň we 'Talybanyň' arasynda göni gepleşikleri guramagy teklip etdi


Daşkentdäki konferensiýa Özbegistanyň we Owganystanyň prezidentleri, şeýle-de ençeme ýurduň baş diplomatlary gatnaşdylar, 27-nji mart, 2018.
Daşkentdäki konferensiýa Özbegistanyň we Owganystanyň prezidentleri, şeýle-de ençeme ýurduň baş diplomatlary gatnaşdylar, 27-nji mart, 2018.

Özbegistan Owganystanyň hökümetiniň we “Talyban” toparynyň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri öz territoriýasynda geçirmegi teklip etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew bu teklibini 27-nji martda, Daşkentde geçirilen we owgan hökümetiniň hem söweşiji toparyň arasynda gepleşikleri ýola goýmak meselesini gün tertibine goýan ýokary derejeli duşuşykda öňe sürdi.

Merkezi Aziýanyň 32 million ilatly bu ýurdy uzak wagtlap dowam eden üzňelikden hem ykdysady durgunlykdan çykmak üçin halkara derejesindäki roluny ösdürmek, ýurdy açmak we daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmek ugrunda hereket edýär.

“Biz parahatçylyk prosesiniň ähli tapgyrynda Özbegistanyň territoriýasynda Owganystanyň hökümetiniň we “Talyban” hereketiniň arasynda göni gepleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýar” diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Daşkentdäki konferensiýa Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we ençeme ýurduň baş diplomatlary, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow , Hytaýyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Konferensiýada “Talybanyň” wekilleri bolmady.

XS
SM
MD
LG