Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mattis Orsýetiň öňki gizlin agenti zäherläp, Günabaty bölmek maksadyna eýerendigini aýtdy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

Orsýetiň Britaniýada öňki gizlin agenti zäherlemegi Kremliň gizlin operasiýalary amala aşyrmak we kimiň jogapkärdigi barada ylalaşyksyzlyk döretmek arkaly Günbatary bölmek boýunça strategiýasynyň bölegi bolup durýar diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis aýtdy.

Mattis dünýäniň 20-den gowrak hökümetiniň jemi 144 orsýet diplomatyny öz ýurtlarynda çykarmak boýunça kararlaryny yglan etmeginiň ertesi eden çykyşynda, Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegini “öldürmäge synanyşyk” diýip atlandyrdy we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň munuň jogapkärçiligini boýun almakdan ýüz öwürmegini çynlakaý kabul etmeli däldigini belledi.

Mattis Salisbury şäherindäki wakada “köpçülikleýin gyrgynçylykly ýaragyň” ulanylmagynyň “örän aýandygyny”, Britaniýanyň hökümetiniň ony Ikinji Jahan Urşy döwründe Orsýet tarapyndan öndürlen nerwe täsir ýetiriji harby madda hökmünde kesgitländigini belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG