Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skripalyň ýegeni öňki içalynyň aman galmagy üçin örän ujypsyz umydyň bardygyny aýtdy


Derňewçiler öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň Angliýanyň Salisberi sebitindäki öýüniň howlusynda derňew işlerini geçirýärler.

Öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň ýegeni Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň nerwleri ysmaz edýän hüjümden aman galmagy üçin örän ujypsyz şansyň, ýagny umydyň bardygyny aýtdy.

28-nji martda Wiktoria Skripal BBC neşiriniň Rus gullugyna beren maglumatynda Skripalyň we onuň gyzynyň saglyk ýagdaýy baradaky çaklamalaryň “hakykatdanam gowy däldigini” aýtdy.

Britaniýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini Skripallary öldürmek maksady bilen Sowuk urşy döwründe öndürilen we “Nowiçok” diýip atlandyrylýan nerw maddasy bilen zäherlänlikde aýyplaýar.

“Meniň 99%-den 1 prosent umydym bar. Näme berlen bolsa-da, olaryň aman galmak ähtimallygy örän pes” diýip, Wiktoriýa Skripal BBC neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa aman galsa-da, “olaryň ömrüniň ahyryna çenli inwalid, maýyp boljakdygyny” belledi.

Russiýa Skripallaryň zäherlenmegine gatnaşygynyň ýokdugyny aýdyp, 28-nji martda bu hüjümi Britaniýanyň öz gizlin gullyklarynyň amala aşyran bolmagy mümkin diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG