Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peskow jynsy zorluklar barada çykyş eden aktrissalary ‘prostitutkalara’ deňedi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Hollywoodyň prodýuseri Harweý Weinşteýn (Harvey Weinstein) tarapyndan jynsy zorluklara sezewar bolandyklaryny aýdýan aktrissalary “prostitutkalara” deňedi.

Peskow Moskwada uniwersitetde talyplaryň öňünde eden çykyşynda Weinşteýne garşy çykan käbir aktrissalaryň “Hollywoodyň ýyldyzlary” bolandyklaryny, şeýle-de olaryň “ahlak we mertebe baradaky garýyşlaryna ters gelýän köp işleri edendiklerini” aýtdy.

“Olar 10 ýylyň dowamynda ýüzlerçe million dollary edinip, indi bolsa Weinşteýne garşy çykyş edýärler” diýip, Peskow sözüne goşdy.

Peskow mundan ozal jynsy zorlamalar baradaky aýyplamalar dogrusynda köpçüligiň öňünde çykyş etmändi.

Şeýle-de, Peskow uniwersitetde eden çykyşynda: “Belki-de, Weinşteýn nejis bir adamdyr, emma olaryň hiç biri polisiýa ýüz tutmandy! Ýok, olar 10 million dollar islediler. Erkek kişi bilen 10 million dollar üçin ýatýan aýal nähili atlandyrylýar? Belki-de, men gödek eşidilýändirin, emma oňa prostitutka diýilýar” diýip, belledi.

50-den gowrak aýal maşgala, şol sanda Aşle Judd ýaly Hollywoodyň meşhur aktrissalary Weinşteýni jynsy zorluklarda aýypladylar.

XS
SM
MD
LG