Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa günbatar diplomatlaryny Russiýadan çykarýar


Russiýanyň Daşary işler ministrligi

Moskwa ABŞ-nyň Sankt Peterburgdaky Konsulhanasynyň ýapylýandygyny, şeýle-de ABŞ-nyň, Britaniýanyň we beýleki döwletleriň çykaran rus diplomatlarynyň sanyna laýyklykda, şol ýurtlaryň diplomatlarynyň hem ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi.

Mundan öň, ABŞ, NATO, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurtlary, Ukraina dagy Britaniýada ozalky rus içalysynyň zäherlenmegine jogap edip, öz ýurtlaryndan jemi hasap bilen 150-ä golaý rus diplomatyny çykarypdylar.

Britaniýa Sergeý Srkipalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegine Russiýanyň jogapkärdigini aýdýar.

ABŞ ýurtdan 60 rus diplomatyny çykaryp, Russiýanyň Seattledaky konsulhanasyny hem ýapypdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Moskwadaky 58 we Ýekatrinburgdaky iki diplomatynyň 5-nji aprele çenli ýurtdan çykmalydygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýanyň bu hereketine geň galmandygyny, ýöne munuň üçin “hiç hili esasyň bolmandygyny” hem belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG