Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa onlarça günbatar diplomatyny ýurtdan çykarýar


Russiýanyň Daşary işler ministrligi

Russiýa günbatar ýurtlarynyň ilçihanalaryna ştat sanlarynyň kemeldiýandigi baradaky duýduryşlary ýollady.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi anna güni 23 – esasan Ýewropa Bileleşigine agza we Britaniýanyň ýaran – ýurtlarynyň ilçilerini çagyryp, bu döwletleriň 60 töweregi diplomatlarynyň ýurtdan çykarylýandygyny mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Moskwa ABŞ-nyň 60 diplomatynyň çykarylmagyny we Sankt-Peterburgdaky Konsulhanasynyň ýapylmagyny tabşyrypdy.

Şu hepdäniň dowamynda günbatar ýurtlaryndan jemi hasap bilen 150 töweregi rus diplomaty çykarylypdy. Bu Britaniýada ozalky rus içalysy Serger Srkipalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegine jogap hökmünde edilen çäreler bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG