Dünýäde türkmenleriniň kowçum bolup ýaşaýan esasy ýurtlarynyň biri hem Owganystan. Owganystandaky etniki türkmenleriň ene dili ýurtda üçünji resmi dil hasaplanylýar.
Emma muňa garamazdan, bilermenler aýtmyşlaýyn, Owganystandaky etniki türkmenler 15 ýyldan gowrak wagtdan bäri arap hatynyň esasynda öz türkmen elipbiýini döredip bilmän gelýärler.
Eýsem, Owganystandaky etniki türkmenleriň elipbiý problemasynyň aňyrsynda ýatýan sebäp ýa-da sebäpler näme? Owganystanly türkmen alymlar elipbiý meselesini çözmek ugrunda nähili tagallalar edýärler? Golaýda bu ugurda geçirilen maslahatlaryň nähili netije bermegine garaşylýar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Owganystandaky etniki türkmenleriň ene dili tagallalary bilen elipbiý problemasyna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma bu ugurdaky pikirleriňizi we tejribeleriňizi teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.