Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri Ankarada duşuşar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, rus prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Soçi, 22-nji noýabr, 2017.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, rus prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Soçi, 22-nji noýabr, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 4-nji aprelde, üç ýurduň howandarlygynda geçirilýän Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde Ankarada duşuşar.

Sammitiň öňüsyrasynda Putiniň we Erdoganyň türk paýtagtynda, Ýokary derejeli Türk-rus hyzmatdaşlyk geňeşiniň çägindäki ikitaraplaýyn gepleşikleri planlaşdyryldy.

Kreml 7-nji martda bu duşuşygyň aprelde boljakdygyny aýtdy, emma onuň anyk senesini we ýerini aýtmady.

Orsýet-de, Türkiýe we Eýran hem Siriýadaky urşa çuň ilteşikli we gazak paýtagty Astanada birnäçe parahatçylyk gepleşiklerine howandarlyk etdiler.

Orsýetiň daşary işler ministri sergeý Lawrow we onuň türk kärdeşi Mewlut Çawusoglu 30-njy martda Putin-Erdeogan duşuşygyny maslahatlaşmak üçin telefonda gürleşdiler diýip, ministrligiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG