Russiýa orsýetli hakkerdigi aýdylýan raýatyň Çehiýa respublikasyndan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegi barada ýakynda kabul edilen kararyň, Moskwa bilen Praganyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara “zeper ýetirmäge” gönükdirilendigini aýdýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň 2-nji aprelde ýaýradan beýanatynda Moskwa Ýewgeniý Nikuliniň ekstradisiýa edilmegine “nägilelik bildirýär” diýilýär. Internet maglumatlaryny ogurlandygy aýdylýan Nikulin hem Russiýa, hem-de Birleşen Ştatlar tarapyndan gözlenilýärdi.
Ministrlik öz maglumatynda ekstradisiýany “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw esasyna zeper ýetirmäge gönükdirilen bilkastlaýyn we syýasy maksatly ädim” diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de, Moskwanyň Nikuliniň bähbitlerini goramak üçin “ähli zerur çäreleri” görjekdigi bellenilýär.
30-njy martda ABŞ-nyň San Fransiskodaky sudunda kompýuterlere zorluk bilen girmekde we şahsy maglumatlary ogurlamakda aýyplanýan Nikulin özüniň günäsizdigini aýtdy.
29 ýaşly Nikulin Birleşen Ştatlarda 2012-2013-nji ýyllarda LinkedIn we Dropbox ýaly uly internet kompaniýalaryna hakker hüjümini amala aşyrmakda aýyplanýar. Nikulin günäli tapylsa, onda ol 30 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolar.