Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oňaýsyz 'oňaýly ýaranlyk': Orsýet, Türkiýe we Eýran Siriýanyň geljegini planlaşdyrmakçy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan

Bu duşuşyk Siriýanyň ykbalyny kesgitlemek üçin geçirilýär. Ýygnaga Siriýadaky ýedi ýyllyk ganly söweşe täsir edenler gatnaşýar.

Ýöne Birleşen Ştatlary üýşmeleňe gatnaşmaz.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 4-nji aprel güni Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşyp, öňümizdäki bäş aýyň dowamynda Siriýa bilen bagly edilmeli işler boýunça maslahat eder.

Ýöne bu ýerde bir mesele bar, ýagny Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň Siriýadaky we tutuş regiondaky bähbitleri köplenç birek-biregiňkä çapraz gelýär.

Hut şol sebäpden, baýry synçylaryň aýtmagyna görä, bu duşuşyk halk bilen gatnaşyklar boýunça hünär tejribesini kämilleşdirmekden öte geçmez. Ýygnagyň dowamynda degerli syýasy kararlar alynmaz öýdülýär.

“Meniň üçin, olaryň nämeler boýunça ylalaşjakdygy mälim däl” diýip, Wirijiniýadaky Jorj Meýson uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar boýunça bilermeni Mark Katz aýdýar. “Meniň pikirimçe bu duşuşyk geçirýän oglanlar üçin halkara jemgyýetçiliginiň özlerine garaýyşlary has amatly ýaly bolup görünýär” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň Siriýada öz bähbitleri bar.

Moskwa ykdysady taýdan, şol sanda ýadro programmalary boýunça Eýrany goldap gelýär. Şeýle-de, Siriýa Ýakyn Gündogarda Moskwanyň iň ýakyn ýaranydyr.

Türkiýe Assada garşy çykýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkiýe asyrlaryň dowamynda Orsýet bilen ýeri gelende urşup, ýeri gelende oňşup gelýär.

“Moskwa, Ankara we Tähran başyndan bäri üçtaraply ýaranlyk döredip, oňaýly ýaranlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular” diýip, ÝB-niň Türkiýedäki, Siriýadaky, Libýadaky we Tunisdäki ozalky ilçisi Mark Pierini gürrüň berýär. “Ýöne olaryň çapraz bähbitlerinden çen tutsaň, bu ýaranlyk örän geňirgendirijidir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Galyberse-de, ol ýerde Waşingtonam bar. Ol köpýyllyklaryň dowamynda Ýakyn Gündogarda täsir ediji güýç hökmünde çykyş edýär. Agzalýan üç ýurduň üçüsiniň-de Waşingtonyňka ters gelýän bähbitleri bar.

“Umumy maýdalawçy”

Eýran onýyllyklaryň dowamynda ABŞ-a garşy duşmançylyk edip gelýär. Donald Trampyň prezidentlige saýlanmagy bilen Tähran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ot-alawly çekeleşik has-da güýjürgedi. Türkiýä NATO ýaranlygynyň agzasy bolup, hususan-da ABŞ-nyň kürt söweşijilerini goldamagy bilen häzirki wagtda Ankaranyň Waşington bilen gatnaşyklary dartgynlylaşdy. Orsýet Birleşen Ştatlara, umuman alanyňda, Sowet Soýuzynyň gözi bilen seredýär, ýagny Moskwa Waşingtona geosyýasy garşydaş hökmünde garap, gören ýerinde mümkingadar onuň öňüne böwet urjak bolýar. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýdyşy ýaly, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky wagtlarda “sowuk urşy döwründäkidenem has-da beterleşdi”.

Ýöne muňa garamazdan bu üç ýurduň üçüsine-de deňleýji güýç hökmünde ol ýa-da beýleki görnüşde ABŞ-nyň gatyşygy zerur. Mysal üçin, bu gatyşyk Ysraýylyň Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy ýa-da Eýranyň penasyndaky söweşijilere garşy gazaply çäre görmeginiň öňüni almak üçin zerur bolup durýar. Ýa-da bolmasa, haçan-da Siriýada çaknyşyklar soňlananda ýurtda dikeldiş tagallalaryny gurnamak üçin we bu çäreleri maliýeleşdirmek üçin ABŞ-nyň gatyşygy zerur bolup durýar.

“Edil häzirlikçe karar alýan tarap ABŞ-syz agzalýan üç ýurduň diňe özi ýaly bolup görünýär. Olaryň ählisi bu pikiri halaýarlar. ABŞ-dan garaşsyz syýasaty kesgitlemek olaryň ählisiniň umumy maýdalawçysydyr” diýip, Katz belleýär.

Ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň her haýsysy aýratynlykda kimdir biriniň deňlemeden çekilmegini isleýär. Türkiýe Eýranyň deňlemede galyp, Assadyň çekilmegini isleýär. Orsýet Türkiýe bilen has ýyly gatnaşyklary ýola goýmak isleýär, ýöne şol bir wagtyň özünde Moskwa Tartusdaky deňiz baza sebäpli Siriýa-da mätäçlik çekýär. Eýran Hizbullahyň Liwandaky üpjünçilik mümkinçiliklerini ele geçirmek isleýär we şol bir wagtyň özünde Türkiýäniň Yraga aralaşmagyna garşy çykýar.

“Elbetde olar niýet-pällerini birek-birege bildirmezler” diýip, Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça Waşington barlag institutynyň direktory Patrik Klowson aýdýar. “Bu netijeli duşuşyk bolar, ýöne bir netije bilen bir hatarda müň dürli tapawutlylyk bolar” diýip, ol belleýär.

Astana prosesi

Putin, Rohani we Erdoganyň arasyndaky soňky duşuşyk Gara deňziň ýakasynda ýerleşýän Soçi şäherinde noýabr aýynda bolup geçdi.

Bu ýygnagy Gazagystanyň paýtagty Astananyň ady bilen ilteşdirip, ýurtlar duşuşygyň yzýany Siriýada harby çärelerini artdyrdylar.

Bu aralykda, halkara ýazgaryşa garamazdan Siriýa oppozisiýa güýçlerine garşy, şeýle-de adaty raýatlaryň ýaşaýan ýerlerinde himiki hüjümleri amala aşyrmaga dowam etdi.

“Günabatarda hiç kim Astana prosesiniň uzak möhletli netije berjekdigine ynanmaýar. Şol sebäpden öndümli netije gazanmak üçin bu mesele BMG-nyň Ženewadaky stolunda maslahat ediler. Şol maslahatlarda ýagdaýa ABŞ-nyň we Ýewopanyň perespektiwalaryndan çemeleşilmeli bolar” diýip, Karnegi Ýewropa merkeziniň ylym işgäri Pierini aýtdy.

Pierini Türkiýäniň hereketlerini we Moskwa bilen onuň ýyly gatnaşyklary ýola goýmagyny belli bir derejede ýurduň içerki syýasaty bilen baglanyşdyrýar. Onuň pikirine görä, Türkiýedäki milletçi syýasatçylar kürtlere türk döwletine abanýan wehim hökmünde garaýar.

“Eger-de Eýran bilen Orsýet Türkiýäniň gündogar Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryndan tä Tigr derýasyna çenli operasiýa amala aşyrmagyna rugsat berse bu Günbatar ýurtlary üçin iň uly töwekgelçilikli ýagdaýy döreder” diýip Pierini aýtdy. Ol agzalýan territoriýada kürt söweşijileriň hatarynda britaniýaly, fransiýaly birikmeleriň hereket edýändigini, şol sanda ol ýerde 2 müň amerikan goşunynyň bardygyny aýtdy.

“Ýagdaý şeýle bolsa bu örän çylşyrymlaşar” diýip, ol belledi.

Rollaryň çalşygy

Orsýetiň Siriýada görýän çäreleri onuň örän wajyp geosyýasy krizisde ABŞ-a garşy çykmak boýunça uzak wagtdan bäri dowam edýän strategiýasynyň bir bölegidir diýip Orsýet boýunça baýry analist Olga Oliker aýdýar. Ýöne bu Moskwa üçin töwekgelçilik döredýär.

“Orsýetiň çemeleşigi şeýle bolarly, ýagny aýdaly Siriýada Birleşen Ştatlaryna garşy çyk, soňra ylalaşyga bar, şonda netije şärikli jogapkärçilik bolar. Ýöne Orsýet häzir şu model bilen ýüzbe-ýüz galdy, ýagny Orsýet aýdaly Siriýada ABŞ-a garşy çykdy, öz gezeginde ABŞ çapalady, şeýdibem Siriýada sumka Orsýetde galdy” diýip, Wilson merkeziniň Waşingtondaky Kennan institutynda geçirilen söhbetdeşlikde Olga Oliker aýtdy.

“Orsýet [Siriýada] oýnuň soňuny görsün diýip terk edildi. ABŞ belli bir derejede “bezzadyň” roluny ýerine ýetirýär. Bu rollaryň çalşyldygy diýmekdir” diýip, bilermen belledi.

Dübýi ABŞ-da ýerleşýän Daşary gatnaşyklar mejlisiniň (Council on Foreign Relations) arap we türk syýasaty boýunça bilermeni Stiwen Kuk Ankarada geçirilýän duşuşyga, Birleşen Ştatlaryň regiondan arany açmagy bilen ol ýerde dörän boşluga Orsýetiň girmek boýunça eden üstünliki çykyşyny ýatladýan çäre hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ol şu hepde ýazan synynda şeýle diýýär:

“Orsýet Siriýada syýasy erada sergiledi. Mysal üçin, munuň şeýledigi Orsýetiň ykdysadyýetiniň göwrüminden has wajypdyr. Şu wagta çenli Orsýetiň ykdysadyýetine Moskwanyň ejizliginiň görkezijisi hökmünde seredilip gelinýärdi.

Orsýet hiç zatdan çekilmeýär. Olarda Günbatary ejizletmäge gönükdirilen strategiýa bar we şol strategiýa Ýakyn Gündogarda başlaýar. Galyberse-de, indi Moskwanyň arkasynda kommunizm diýlen ideologiýa ýüki ýok. Bu ýagdaý onuň regiona aralaşmagyny aňsatlaşdyrýar” diýip, Kuk sözüni jemleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG