Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türk uniwersitetindäki hüjümde dört adam öldi


Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky uniwersitetde ýaragly adamyň ot açyp, dört adamy öldürendigi habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi bu hüjümiň 5-nji aprelde Eskişehir şäherindäki Osmangazi uniwersitetinde bolandygyny aýtdy.

Maglumatda ot açan adamyň uniwersitetiň ylmy işgäridigi we onuň ýokary okuw jaýynyň dekanynyň orunbasaryny, sekretaryny we iki mugallymyny öldürendigi bellenilýär.

“Dogan” habar agentliginiň maglumatynda ýaragly adamyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi aýdylýar.

Bu hüjüme nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG