Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşiji komandiri öldürilenden soň, ‘Talyban’ 30 mekdebi ýapdy


“Talybanyň” bu çäresi netijesinde Çarh etrabynda 12,000 çemesi okuwçynyň mekdepden mahrum bolandygy aýdylýar.

Owganystanyň hökümet güýçleri tarapyndan söweşijileriň ýerli komandiri öldürilenden soň, “Talyban” öz kontrollygyndaky territoriýalarda, ýagny Kabulyň günortasynda azyndan 30 mekdebi ýapdy diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

Logar welaýat häkiminiň metbugat wekili Salim Salehiň 6-njy aprelde beren maglumatyna görä, şu hepde hökümet güýçleriniň geçiren gijeki reýdlerinde birnäçe söweşiji we olaryň komandiri öldürilenden soň, 31-nji martda “Talyban” bu welaýatyň Çarh etrabyndaky mekdepleri ýapdy.

Mundan öň, owgan mediasy “Talybanyň” komandiri Mualwi Mohammadyň 30-njy martda giçlik owgan armiýasy tarapyndan geçirilen harby operasiýalarda öldürilendigini habar beripdi.

Saleh “Talybanyň” bu çäresi netijesinde Çarh etrabynda 12,000 çemesi okuwçynyň mekdepden mahrum bolandygyny aýtdy. Bu etrap owgan paýtagty Kabulyň 60 kilometr çemesi günortasynda ýerleşýär.

Logar welaýat häkiminiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, häkimiýetler mekdepleriň öňümizdäki günlerde açylmagyny üpjün etmek üçin sebitiň täsirli taýpa ýaşululary we dini alymlary bilen gepleşikleri geçirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG