Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada adamlaryň üstünden sürlen maşyn 2 adamy öldüridi, 20-sini ýaralady


Germaniýada mähelläniň üstünden sürlen maşyn birnäçe adamy öldürdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Germaniýada mähelläniň üstünden sürlen maşyn birnäçe adamy öldürdi

7-nji aprelde Germaniýanyň Muenster şäherinde, miniawtobusyň mähelläniň üstünden sürülmegi netijesinde 2 adam öldi, 20 çemesi adam ýaraly boldy diýip, häkimiýetler aýtdy.

Polisiýanyň sözçüsi Andreas Bode žurnalistlere awtoulagyň sürüjisiniň bu wakadan soň özüni öldürendigini habar berdi. Şeýle-de ol sürüjiniň şahsyýetiniň şindi doly anyklanylmandygyny we onuň beýle işe ýüz urmagynyň sebäbi barada gürrüň ederden entek irdigini aýtdy.

Bode ýaraly bolanlaryň altysynyň ýagdaýynyň agyrdygyny hem sözüne goşdy.

"Bu işi eden adam ulagyny Muensteriň merkezinde ýerleşýän esasy skwerleriň biriniň içine, birnäçe kafeniň we restoranyň ýerleşen ýerine sürdi” diýip, polisiýanyň sözçüsi aýtdy.

Içeri işle ministri Herbert Reuel derňewçileriň häzir bu iş derňeýändiklerini we ol işi eden adamyň german raýatydygyny, bu hadysanyň halkara terrorçylygyna dahylly bolup görünmeýändigini aýtdy.

Germaniýanyň “The Sueddeutsche Zeitung” gazeti bu sürüjiniň 48 ýaşyndadygyny we ruhy hassalyk meselesi bolan adamdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG