Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝHHG-niň çagyran media tehnologiýalar boýunça bilermeni Türkmenistana goýberilmedi


Inga Sikorskaýa

ÝHHG-niň Türkmenistandaky seminaryna çagyrylan Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijiligi we media tehnologiýalar boýunça mekdebiň müdiri Inga Sikorskaýa Türkmenistana goýberilmedi.

Sikorskaýa internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy göreş meselesi boýunça milli seminara ekspert hökmünde gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Aşgabatdaky regional merkezi tarapyndan çagyrylypdy diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşri habar berdi.

Maglumata görä, birnäçe ýyllap Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynda (IWPR) Türkmenistan we Özbegistan boýunça baş redaktor bolup işlän Inga Sikorskaýa 5-6-njy aprelde Aşgabatda geçirilen “Ekstremist we gadagan edilen toparlaryň işi: köpçülikleýin habar serişdeleri we reportýorlar üçin howplar” boýunça maslahatynda çykyş etmelidi.

Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijiligi we media tehnologiýalar boýunça mekdebi Inga Sikorskaýanyň Türkmenistana goýberilmezligi ýurtda garaşsyz spikerlere basyş etmek tejribesiniň dowam edýändigini we olaryň öz işini päsgelçiliksiz berjaý etmek hukugyny äsgermeýändigini görkezýär diýip hasap edýär, diýlip “Türkmenistanyň hronikasy” neşriniň maglumatynda bellenýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG