Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan Merkezi Aziýanyň suw resurslary boýunça konferensiýasyna Orsýetiň gatnaşmagyna garaşýar


Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojidin Aslow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Moskwa, 9-njy aprel, 2018

Täjigistanyň daşary işler ministri Duşenbäniň Merkezi Aziýanyň suw resurslary boýunça iýun aýynda geçiriljek halkara konferensiýasyna orsýet delegasiýasynyň gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojidin Aslow bu çykyşyny 9-njy apreldeMoskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Suw resurslarynyň elýeterliligi Merkezi Aziýa regionynyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda dartgynlylygyň döremegine sebäp bolupdy.

Suw resurslary boýunça halkara konferensiýasy 20-22-nji iýunda Duşenbede geçiriler.

Şeýle-de, Aslow Täjigistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň howandarlygynda neşä garşy göreş boýunça merkezi döretmekde Orsýetiň ýardamyna garaşýandygyny belledi.

Lawrow Orsýetiň we Täjigistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň we Garaşsyz döwletler arkalaşygy (GDA) guramasynyň çäginde strategiki partnýor hökmünde hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG