Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýanyň sagçy premýer-ministri öz partiýasynyň ýeňişini yglan etdi


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, Budapeşt, 8-nji aprel, 2018
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, Budapeşt, 8-nji aprel, 2018

Wengriýanyň migrantlara garşy çykýan sagçy premýer-ministri Wiktor Orban özüniň häkimiýet başyndaky “Fidesz” atly partiýasynyň “taryhy” ýeňişini yglan etdi.

8-nji aprelde geçirlen saýlawlar Orbana hökümet baştutany wezipesiniň üçünji möhletini getirdi.

Sesleriň 98.5%-niň sanalmagynda “Fidesz” sesleriň 48.8%-ne eýe boldy.

Radikal milletçi “Jobbik” partiýasy 20% ses toplady. Ses berijileriň gatnaşyk derejesi garaşylyşyndan has ýokary bolup 69.3% ýetdi. Orbanyň ençeme tankytçysy munuň oppozision partiýalaryň peýdasyna boljagyna garaşypdy.

Wengriýanyň saýlaw sistemasyna laýyklykda, “Fidesz” we onuň ýarany“Hristian demokratik” partiýasy saýlawlaryň netijelerine görä, 199 orunlyk parlamentiň 133 ornuna eýe bolar we Orbanyň häkimiýetini güýçlendirer diýlip garaşylýar. Orbanyň tankytçylary onuň raýat toparlaryna basyş etmegini we döwlet strukturalaryna täsirini artdyrmagyny ýazgarýarlar.

XS
SM
MD
LG