Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Demirgazyk akym-2 proýektiniň geljegini şübhe astyna goýdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s), Berlin, 10-njy aprel, 2018
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s), Berlin, 10-njy aprel, 2018

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ukrainanyň gaz tranziti boýunça rolunyň aýdyňlaşdyrylmadyk ýagdaýynda Orsýeti we Germaniýany baglaýan täze gaz geçirijisi bilen baglylykda öňegidişligiň bolup bilmejegini aýtdy.

"Men Demirgazyk akym-2 proýektiniň Ukrainanyň tranzit rolunyň geljegi kesgitlenmezden mümkin däldigini açyk aýtdym” diýip, Merkel Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen 10-njy aprelde Berlinde geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy. Merkel munuň ykdysady däl-de, syýasy meseledigini belledi.

Baltik deňziniň astyndan Orsýetden Ýewropanyň iň güýçli ykdysadyýeti - Germaniýa tarap uzaýan Demirgazyk akym – 2 proýekti eýýäm gurlan Demirgazyk akym gaz turbasynyň geçirijilik ukybyny iki esse artdyryp, ýylda 55 milliard kubometr gaz akdyrmaga mümkinçilik döreder.

XS
SM
MD
LG