Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine geçýän Pompeo Orsýete garşy has berk çäre görmek niýetini mälim eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine bellenen Mike Pompeo, Waşington, 9-njy aprel, 2018.
ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine bellenen Mike Pompeo, Waşington, 9-njy aprel, 2018.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentliginiň öňki müdiri Mike Pompeo prezident Donald Trampyň täze döwlet sekretary wezipesine geçiş dabarasynda etjek çykyşynda özüniň Orsýete garşy has berk çäre görmek niýetini mälim eder.

“Orsýet agressiw hereket etmegini dowam etdirýär, ýyllarboýy bu agressiýa babatyndaky ýumşak syýasat muňa mümkinçilik berdi” diýlip, Pompeonyň çykyşynyň 12-nji aprelde çap edilen tekstinde aýdylýar.

Pompeonyň çykyşynyň tekstinde 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň güman edilýän gatnaşygy temasy agzalmady, emma bu meseläniň Trampy Orsýete garşy berk çäre görmezlikde aýyplaýan käbir kanun çykaryjylar tarapyndan gozgalmagy ähtimal.

Tramp öňki respublikan kongressmeni Mike Pompeony ýurduň baş diplomaty wezipesine 13-nji martda belledi.

XS
SM
MD
LG