Premýer-ministr Benjamin Netanýahu Ysraýylyň Ikinji Jahan Urşunda gyrgyna berlen 6 million ýewreýiň hatyrasyna matam güni eden çykyşynda Tährany nasist Germaniýa bilen deňedi we Eýrana duýduryş berip, Ysraýylyň çydamyny synamazlyga çagyrdy.
"Meniň Eýranyň häkimiýetlerine habarym bar: Ysraýyl döwletiniň çydamyny synamaň” diýip, Netanýahu 11-nji aprelde aýtdy.
"Holokostyň dowamynda biz kömeksiz, goragsyz we sessiz bolupdyk. Hakykatda biziň sesimizi eşiden bolmady. Şu günki gün biz güýçli döwlet, güýçli goşun we biziň sesimiz döwletleriň arasynda eşidilýär” diýip Netanýahu aýtdy.
Ysraýylyň lideriniň bu çykyşy Siriýanyň harby bazasyna edilen hüjümiň yzýanyna gabat geldi. Siriýa hökümet goşunynyň 14 harbysynyň ölümine sebäp bolan bu hüjümi amala aşyrmakda Ysraýyly aýyplaýar.