Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi adatdan daşary maslahat geçirer


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 13-nji aprelde Orsýetiň ABŞ-nyň hem onuň ýaranlarynyň edip biljek raketaly hüjümleriniň “halkara parahatçylygyna howp” döretmegi baradaky ýüzlenmesi boýunça adatdan daşary maslahat geçirýär.

“Uruş howpunyň öňüni almak ilkinji nobatdaky meseledir” diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa aýtdy. Emma orsýet ilçisi Waşingtonyň şu hepdede Orsýete eden “urşujy” sözleriniň fonunda Günbataryň edip biljek howa hüjümleriniň uly konflikte ýazmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmady.

“Eskalasiýanyň howpy diňe bir Siriýadan has ýokary, sebäbi biziň harbylarymyz şol ýerde ... şeýlelikde ýagdaý örän howply” diýip, Nebenzýa aýtdy.

Orsýetiň müňlerçe esgeri we harbysy Siriýada ýerleşýär, onlarça uçary Hmeimim howa bazasynda, ýene 10-15 harby gämisi Siriýanyň kenarynda Ortaýer deňzinde ornaşýar.

Nebenzýanyň çykyşynyň öňüsyrasynda 12-nji aprelde ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentliginiň müdiri Mike Pompeo Kongressde eden çykyşynda ABŞ-nyň hem onuň ýaranlarynyň goşunlarynyň ýerleşýän Siriýanyň gündogaryndaky baza fewral aýynda hüjüm edilende ABŞ-nyň top we howa zarbalarynda “iki ýüz orsýetliniň” öldürlendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG