Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Döwlet dumasy amerikan harytlaryny gadagan edip, ABŞ jogap bermegi teklip edýär


Orsýetiň Döwlet dumasynyň spikeriniň orunbasary Iwan Melnikow
Orsýetiň Döwlet dumasynyň spikeriniň orunbasary Iwan Melnikow

Orsýetiň Döwlet dumasynyň agzalary Waşingtonyň Moskwa garşy täze sanksiýalaryna jogap hökmünde ABŞ-nyň ençeme harytlarynyň importyna gadagançylyk girizmegi teklip etdiler.

Döwlet dumasynyň spikeriniň orunbasary Melnikow 13-nji aprelde eden çykyşynda munuň, şeýle-de, ykdysady gatnaşyklary çäklendirip biljegini belledi.

Kanunyň taslamasy indiki hepdede parlamentiň aşaky öýünde maslahat ediler.

Analitikler Kremliň daşary ýurtlara duýduryş bermek üçin adatça parlamenti ulanýandygyny belleýärler.

Kanunyň taslamasy ABŞ-da öndürlen ösen tehnologiýalaryň software programmalarynyň, oba hojalyk önümleriniň, derman önümleriniň, çilimiň we alkogolyň importyny çäklendirip biler. Şeýle-de, ABŞ bilen ýadro energiýasy, raketa önümçiligi we uçar gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy çäklendirer.

XS
SM
MD
LG