Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde garaşsyz media çerişdeleriniň ýerleşýän binasyna edilen granataly hüjüm derňelýär


Kiýewiň köçe polisiýasy (illýustrasiýa)
Kiýewiň köçe polisiýasy (illýustrasiýa)

Ukrainanyň häkimiýetleri Kiýewiň merkezinde ýurduň iň iri iki sany garaşsyz media çerişdesiniň ýerleşýän binasyna edilen granataly hüjümiň “huligançylyk” esasynda derňelýändigini aýdýarlar.

Kiýewiň Peçýorsk etrabynda hökümet binalarynyň golaýynda ýerleşýän Kyiwmişbud atly bina edilen hüjüm 13-nji aprelde ýerli wagt bilen daňdan sagat iki töwereginde ýüze çykdy diýip, Ukrainanyň Içeri işler ministrligi habar berdi.

Polisiýa partlama baradaky habaryň gowuşan badyna hadysanyň bolan ýerine bardy.

Habar serişdelerinde çap edilen suratlarda hüjüme sezewar bolan bina, şeýle-de golaýdaky restorana ýeten zeper görkezilýär.

Içeri işler ministrligi derňewçileriň partlamanyň bolan ýerinde ýerleşdirilen wideo kameralardaky ýazgylary öwrenýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG