Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýerewanda müňlerçe ermeni protest geçirýär


Ýerewandaky çadyr protestleri. 14-nji aprel, 2018 ý.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda müňlerçe adam merkezi meýdança ýygnanyp, ozalky prezident Serž Sarkisýana häkimiýetde galmaga mümkinçilik berýän täze hökümet düzedişlerine protest bildirdiler.

Mundan birnäçe ýyl ozal kabul edilen kanunçylyk prezidentiň häkimiýetini peseldip, oňa derek premýer-ministriniňkini artdyrýar.

9-njy aprelde Ermenistanyň täze prezidenti hökmünde Armen Sarkisýan saýlanypdy. Emma, Seržiň partiýasy parlamentde köpçülige eýe. Şu dynç günleri bolsa, partiýa Serži ýurduň premýer-ministri wezipesine hödürledi.

Protest liderleri demonstrasiýalaryny dowam etdirjekdiklerini söz berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG