Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýranyň partladyjyly pilotsyz uçaryny urandygyny aýdýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu fewral aýynda urlandygy aýdylýan Eýranyň pilotsyz uçarynyň bölegini görkezýär.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu fewral aýynda urlandygy aýdylýan Eýranyň pilotsyz uçarynyň bölegini görkezýär.

Ysraýyl harby howa bazasynyň üstünde fewral aýynda eýranyň pilotsyz uçary uruldy, diýip Ysraýylyň harbylary maglumat berýärler.

“Eýranyň uçarynda partladyjylar ýerleşdirilendi. Onuň maksady Ysraýylyň territoriýasyna hüjüm etmekdi” diýip, Ysraýyl armiýasy habar berdi.

Ysraýyl harbylary 10-njy fewralda Beit Şean şäherinde ýüze çykan bu wakada Eýranyň Liwandaky Hizbulla toparlary ýaly ýaranlarynyň üsti bilen däl-de, özüniň ilkinji sapar gönümel Ysraýyla hüjüm etmekçi bolandygyny öňe sürdüler.

Mundan bir gün öň, Liwanyň Hizbulla toparynyň ýolbaşçysy Ysraýylyň Siriýa garşy amala aşyrandygy aýdylýan howa zarbasyny “bir taryhy ýalňyşlyk” diýip, atlandyrdy.

“Ysraýyllylar taryhy ýalňyşy goýberdiler.... Olar Eýran bilen gönümel ikiçäk konflikte girdiler” diýip, Hassan Nasrallah çykyş etdi. Nasrallah Siriýanyň T-4 howa bazasyna edilen hüjümde Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň agzalarynyň öldürilendigini hem öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG