Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Moskwa sebitindäki zir-zibil harmanyna garşy protest bildirýär


Wolokolamsk protestleri
Wolokolamsk protestleri

Orsýetliler Moskwa regionyndaky birnäçe şäherde zir-zibil harmanlary zerarly howanyň hapalanmagyna garşy protest bildirdiler. Iň uly protest üýşmeleňi, 1 müň çemesi adamyň gatnaşmagynda, 14-nji aprelde Wolokolamsk şäherinde boldy.

Protestçiler häkimiýetleriň Ýadrowa obasyndaky zir-zibil harmanyny ýapmagyny talap etdiler.

Ýaşaýjylar bu ýere zir-zibil dökülmegine garşy ýanwar aýyndan bäri protest bildirýärler, emma olaryň demonstrasiýalary mart aýynyň 21-nde onlarça çaga gaz zäherlenmesi alamaty bilen hassahana ýerleşdirilenden soň has ýygjamlaşdy.

Wolokolamskda mundan öň, 1-nji aprelde guralan protestde müňlerçe adam zir-zibil dökülýän ýeriň ýapylmagyny talap etdi. Moskwanyň we ýakyndaky regionlaryň zir-zibili dökülýän Ýadrowa zibilhanasy 2008-nji ýylda açyldy.

XS
SM
MD
LG