14-nji aprelde Owganystanda oktýabr aýyna bellenilen parlament we welaýat geňeşleri saýlawlary üçin hasaba alyş işleri başlandy.
Häkimiýetler gelýän iki aýyň dowamynda ýurduň çar künjeginde açylan 7300 saýlaw uçastogynda 14 milliona çenli saýlawçyny hasaba almakçy bolýarlar.
Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Gulajan Abdul Badi Saýýad 13-nji aprelde hasaba alyşlygyň ilkinji tapgrynyň welaýat merkezlerinde geçiriljekdigini, soňra bu işiň etrap merkezlerinde we şäherçelerinde dowam etdiriljekdigini aýtdy.
2014-nji ýyldaky galplaşdyrylan prezident saýlawlaryndan soň geçirilýän saýlaw reformalary netijesinde, ses berijiler täzeden hasaba alynmaly we täze ses beriş kartlaryny almaly.
Merkezi saýlaw komissiýasy apreliň başynda ozal iýul aýyna bellenilen parlament we welaýat geňeşleri saýlawlarynyň yza, 20-nji oktýabra süýşürilýändigini yglan etdi.
Parlament saýlawlary 2015-nji ýylda geçirilmelidi, emma olar howpsuzlyk ýagdaýlary we saýlaw reformalary bilen bagly çözülmedik meseleler sebäpli gaýta-gaýta yza süýşürildi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!