Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wengriýada müňlerçe adam Orbana garşy demonstrasiýa çykdy


Budapeşt: Protestçiler sesleriň gaýtadan sanalmagyna çagyrdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:27 0:00

Budapeşt: Protestçiler sesleriň gaýtadan sanalmagyna çagyrdylar

14-nji aprelde onlarça müň wengriýaly Budapeştde, guramaçylaryň sözlerine görä, adalatsyz saýlaw ulgamyna garşy protest bildirdi. Olar hut şu adalatsyz saýlaw ulgamy zerarly premýer-ministr Wiktor Orbanyň ses berişlikde saldamly ýeňiş gazanandygyny aýdýarlar.

Orban 8-nji aprelde geçirlen saýlawlarda, emigrantlara garşy alyp baran kampaniýasy dolandyryjy Fides partiýasynyň parlament köplügini üpjün edeninden soň, üçünji möhlete premýer-ministrligini gazandy.

Protestçiler “Biz köplük” diýen şygar astynda ýurtda geçirilen saýlawlaryň seslerini gaýtadan sanamagy, saýlaw kanunçylygyny üýtgetmegi, metbugat garaşsyzlygynyň goragyny talap etdiler.

Tankytçylar Orbany Wengriýada demokratiýany sökmekde we metbugat garaşsyzlygyny gysmakda aýyplaýarlar. Şeýle-de ol Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine aşa gol ýapmakda tankytlanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG