Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti şertli görnüşde tussaglykdan boşadylýar


Gazagystanyň sud zaly
Gazagystanyň sud zaly

Gazagystanyň sudy 2016-njy ýylda hökümetiň ýeri hususylaşdyrmak planyna garşy geçirilen protestlerdäki roly üçin türmä basylan aktiwist Talghat Aýany azatlyga goýbermek barada karar çykardy diýip, Aýanyň hem kakasy, hem-de aklawçysy Tengizbaý Aýanow aýdýar.

Aýanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 13-nji aprelde ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Aktoe şäheriniň sudy Aýanyň şertli görnüşde tussaglykdan boşadylmagy barada karar çykardy. Bu kararyň 29-njy aprelden güýje girjekdigini, Tengizbaý Aýanow belledi.

Aýan we aktiwist Maks Bokaýew, 2016-njy ýylyň aprelinde ýurtda ýeriň hususylaşdyrylmagy we onuň daşary ýurtlylara kärendesine berilmegi baradaky karara garşy protest geçirmek üçin müňlerçe adam ýygnanan mahaly, Atyrau şäherinde tussag edilipdi.

Protestleriň yz ýany, prezident Nursultan Nazarbaýew bu kararyň durmuşa geçirilmegini soňa goýup, kanuny gözden geçirmek barada ýörite komissiýa döretdi. 2016-njy ýylyň awgustynda Nazarbaýew ýeri hususylaşdyrmak baradaky moratoriýni 2021-nji ýylyň dekabryna çenli soňa goýdy.

XS
SM
MD
LG