Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň öňki ilkinji hanymy Barbara Buş 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy


Barbara Buş
Barbara Buş

ABŞ-nyň öňki ilkinji hanymy Barbara Buş 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada onuň maşgalasy habar berdi.

“Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň öňki ilkinji hanymy we maşgala gymmatlyklarynyň berk tarapdary Barbara Pierse Buş sişenbe güni 17-nji aprelde 92 ýaşynda aradan çykdy” diýip, ABŞ-nyň öňki prezidenti George H.W. Buşyň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Buş maşgalasy 73 ýyl mundan öň durmuş gurdular we hanym Buş ABŞ-nyň prezidentiň aýaly we ejesi bolan diňe iki sany ilkinji hanymlaryň biridir.

Barbara we George Buşyň ogly George Buş ABŞ-nyň prezidenti wezipesini 2001-2009-njy ýyllaryň aralygynda iki gezek berjaý edipdi.

XS
SM
MD
LG