Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşygyny tassyklady


Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) müdiri Mike Pompeo we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) müdiri Mike Pompeo we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) müdiri Mike Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçen hepdede duşuşandygyny tassyklady we gepleşikleriň Demirgazyk Koreýada bolandygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda media serişdeleri, Trampyň Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) müdiri Mike Pompeo Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşmagy we Trampyň hem Kimiň arasynda awtoritar Phenýanyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri ýola goýmagy tabşyrandygyny mälim edipdi.

Pompeonyň we Kimiň arasynda duşuşygyň geçiriljegi barada 17-nji aprelde ilkinji bolup, “Waşington post” gazeti ýazdy. Maglumatda olaryň Pompeonyň Demirgazyk Koreýa eden gizlin saparynyň dowamynda duşuşandygy habar berildi.

Reuters we “ New York Times” neşrleri öz maglumatlarynda Pompeonyň we Kimiň duşuşygyny tassykladylar we munuň iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda 2000-nji ýyladan bäri ilkinji gezek duşuşyk bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG