Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI göwreli gazak aýalyň jenaýat derňewini togtatmaga çagyrdy


Akmaral Tobylowa
Akmaral Tobylowa

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) topary gazak resmilerine ýüzlenip, oppozision syýasy hereketine maliýe goldawyny beren göwreli aýalyň jenaýat derňewini togtatmaga çagyrdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän topar Akmaral Tobylowa Gazagystanyň Demokratik Saýlawy toparynyň websaýtyna “diňe seredendigi” üçin aýyplanýandygyny aýtdy.

13-nji aprelde gazak sudy Tobylowany saglyk ýagdaýy sebäpli girewine goýbermek barada karar çykardy.

Emma, mart aýynyň ortalaryndan bäri öý tussaglygynda saklanan 28 ýaşly grafik dizaýneri Tobylowa ekstremistik topary maliýeleşdirmek aýyplamalary bildirilýär.

Sud Gazagystanyň Demokratik Saýlawy toparyny “ýurduň Konstitusiýon gurluşyny zor bilen üýtgetmegi ündeýändigini” aýdyp, ony ekstremistik gurama diýip, ykrar edipdi. Munuň ertesi, ýagny 13-nji martda Tobylowa tussag edilipdi.

Gazagystanyň Demokratik Saýlawy topary prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýiti tankytçysy Nuhtar Ablýazow tarapyndan esaslandyrylypdy.

“Polisiýa Gazagystanyň Demokratik Saýlawy oppozision toparyna goldaw berýän bloggerleri, aktiwistleri we jemgyýetçilik işgärlerini soraga çekýär we tussag edýär” diýip, “Amnesty International” toparynyň beýanatynda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG