Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran döwlet işgärlerine daşary ýurt messenjerlerini ulanmaklaryny gadagan etdi


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameiniň Telegram ulgamyndaky hasabynyň ýapylýandygy mälim edildi.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameiniň Telegram ulgamyndaky hasabynyň ýapylýandygy mälim edildi.

Eýran döwlet işgärlerine habarlaşmak üçin niýetlenen daşary ýurt tilsimlerini, ýagny messenjerlerini ulanmaklaryny gadagan etdi. Bu aralykda, ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameiniň, milli bähbitleri goramak maksady bilen, Telegram ulgamyndaky hasabynyň ýapylýandygy hem mälim edildi.

Eýran habar serişdeleri bu gadagançylygyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaýar.

Mundan birnäçe gün ozal, Eýranda 40 million ulanyjysyň bardygy çaklanylýan Telegram tilsiminiň apreliň aýagynda ýurtda petiklenjekdigi yglan edilipdi.

Eýran resmileri ýanwarda ýurtdaky hökümete garşy protestleriň möwjemeginiň öňüni almak maksady bilen, gysga wagtlyk Telegramy petikläpdiler.

XS
SM
MD
LG