Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Moskwanyň täze sanksiýalara “mynasyp bolan mahaly”, olaryň giriziljekdigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýa babatynda hiç kimiň onuň özi ýaly berk çemeleşmändigini, şeýle-de, Moskwanyň täze sanksiýalara “mynasyp bolan mahaly”, olaryň giriziljekdigini aýtdy.

Tramp bu barada Floridada Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy. Emma, ol çykyşynda mümkin sanksiýalaryň jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady.

“Russiýa babatynda hiç kim Donald Tramp ýaly berk çemeleşmedi” diýip, Tramp belläp geçdi.

XS
SM
MD
LG