Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Ýerewanda ermeni protestçilerine garşylyk görkezýär


Demonstrant polisiýa işgärini saklamaga synanyşýar. 19-njy aprel, 2018 ý.
Demonstrant polisiýa işgärini saklamaga synanyşýar. 19-njy aprel, 2018 ý.

Ermenistanyň polisiýasy paýtagt Ýerewandaky möhüm hökümet binalarynyň daşyny gabap, oppozisiýanyň tarapdarlaryny yza tesdirdi we olaryň onlarçasyny tussag etdi.

Bu aralykda, ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr hökmünde saýlanmagyna garşy köçe protestleri ýedi gün bäri dowam edýär.

Mundan bir gün öň, protest lideri we oppozisiýa syýasatçysy Nikol Paşinian özüniň tarapdarlaryna ýüzlenip, döwlet işgärleriniň iş ýerlerine barmagyna päsgelçilik döretmek üçin, Respublika meýdançasynyň töweregindäki hökümet binalarynyň daşyna ýygnanmaga çagyrypdy.

Ermeni polisiýasynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hökümet binalarynyň öňünde toplanan 20-ä golaý demonstrant tussag edilipdir.

Demonstrantlar polisiýa ýaraglaryny goýup, Sarkisýanyň häkimiýetine garşy geçirilýän protestlere goşulmaga çagyrdylar.

“Biz sizi, mert bolup, Serž Sarkisýanyň häkimiýetini we onuň bellän ministrlerini ykrar etmezlige çagyrýarys. Ädim ädip, Serži ret ediň!” diýip, Paşinian döwlet işgärlerine ýüzlendi.

Munuň öň ýany, polisiýa beýanat ýaýradyp, raýatlaryň hökümetiň binalaryna bikanun giren ýagdaýynda howpsuzlyk güýçleriniň “degişli kanuny çäreleri” görjekdigini duýdurypdy.

Ermenistanda mundan ozal uzak wagtlap prezidentlik wezipesini eýelän Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna nägilelik bildirip müňlerçe ermenistanly paýtagt Ýerewanda köçä çykdy.

Ermenistanyň parlamenti Serž Sarkisianyň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan 8 gün geçensoň, 17-nji aprelde parlamentde geçirilen ses berişlikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen premýer-ministr wezipesine saýlandy. Şeýle-de parlament Serž Sarkisýanyň öz saýlan mirasdüşeri Armen Sarkisýany prezident wezipesine mynasyp gördi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ýaýradan beýanatynda “ABŞ Ýerewanyň merkezinde we Ermenistanyň beýleki şäherlerinde geçirilýän nägilelik çärelerine ýakyndan syn edýär” diýilýär.

Serž Sarkisýan 3 million ilatlyk Ermenistanda ilkinji gezek 2008-nji ýylda prezidentlige saýlandy we iki möhletiň dowamynda ýurdy dolandyrdy. Ol Orsýet bilen ýyly gatnaşyk saklady. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri geçen çärýek asyrlyk döwürde Ermenistan Russiýanyň goldawyna we inwestisiýalaryna bil baglap gelýär.

2015-nji ýylda geçen referendumda Ermenistan özüniň hökümet formasyny üýtgedip, premýer-ministriň ygtyýarlygyny güýçlendirip, prezidentiň güýç-gudratyny çäklendirdi. Sarkisýan referendum arkaly parlamentar sistema geçen Ermenistanda özüniň premýer-ministrlik wezipesine dalaş etmejekdigini wada beripdi. Paşinian bilen beýleki oppozision ýolbaşçylar Sarkisýany wadasyndan dänmekde aýyplaýar.

Parlamentde köplügi düzýän Ermenistanyň respublikan partiýasy (RPA) bilen Ermenistanyň rewolýusion federasiýasy (Daşnaksuýun) apreliň Sarkisýany bir agyzdan premýer-ministrlik wezipesine kandidat hödürläpdiler. Protest çäreleri 13-nji aprelde başlandy.

XS
SM
MD
LG