Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri ýadro ýaragy, raketa synaglaryny togtatjakdygyny aýdýar


Hytaý, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un söz sözleýär. Arhiw suraty

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un öz ýurdunyň ýadro ýaragy, raketa synaglaryny togtatjakdygyny, ýadro ýaraglarynyň synag edilýän ýerini ýapjakdygyny aýdýar diýip, Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar gullugy habar berdi.

"Demirgazyk Koreýa 21-nji aprelden başlap ýadro ýaraglarynyň we yklymara ballistik raketalaryny synag etmegini bes eder” diýip, “Ýonhap” agentligi Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki mediasyna salgylanyp habar berdi.

“Ýonhap” habar gullugynyň tassyklamagyna görä, "Demirgazyk Koreýa ýurduň demirgazygynda ýadro ýaraglaryny synag edýän ýerini ýapyp, özüniň ýadro ýaraglarynyň synagyny togtadandygyny subut eder”. Bu tassyklama resmi KCNA habar gullugynyň maglumatyna esaslanýar.

Demirgazyk Koreýanyň yglan edilen hereketi Kimiň iki basdaş ýurduň aralygyndaky harbysyzlaşdyrylan zonada Günorta Koreýanyň lideri Moon Jae-in bilen ýakyn geljekde Kim bilen Trampyň arasynda bolmagyna garaşylýan duşuşykdan öňürti geçiriljek sammitiniň bir hepde çemesi öň ýanyna gabat gelýär.

Şeýle-de KCNA Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglarynyň synaglaryny tutuşlygyna bes etmek boýunça halkara tagallalaryna goşuljakdygyny aýtdy.

"Ýadro ýaraglary bilen ýaraglanmak barlanyp görlenden soň, biz üçin mundan aňryk ýadro synaglaryny geçirmek, orta we uzak aralyga ýetýän raketalary synag etmek zerur däl” diýip, Kim dolandyryjy partiýanyň ýygnagynda aýtdy. Bu barada hem KCNA habar berdi.

"Demirgazykda ýadro synaglaryny geçirýän ýerimiz öz missiýasyny tamamlady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Phenýanyň bu habaryna twitter posty arkaly reaksiýa bildirip, ony “beýik öňegidişlik” diýip atlandyrdy. “Bu Demirgazyk Koreýa we dünýä üçin örän gowy täzelik” diýip, amerikan prezidenti aýtdy.

Phenýanyň ýeke-täk uly ýarany, onuň ýadro ýaragyny edinmek tagallalaryndan lapykeç bolanHytaý hem bu täzeligi gutlady we onuň dartgynlyklary azaltjakdygyny, ýadro ýaraglaryndan saplanmagy ilerletjekdigini aýtdy.

"Hytaý tarapy Demirgazyk Koreýanyň gelen kararynyň ýarymadadaky ýagdaýy gowulandyrmaga kömek etjekdigine ynanýar” diýip, Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Lu Kang aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Ýaponiýa Demirgazyk Koreýanyň yglan eden habaryndan kanagatlanmaýandygyny, özüniň Phenýana “köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryndan, ýadro ýaraglaryndan we raketalardan ymykly el çekýänçä” syýasy basyş görkezmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Biz kanagatlanyp bilmeýäris” diýip, goranmak ministri Itsunori Onodera Waşingtonda žurnalistlere aýtdy we Phenýanyň “ýakyn we orta aralyga ýetýän ballistik raketalardan el çekmek barada” hiç bir zat aýtmandygyny belledi.

Demirgazyk Koreýanyň BMG-niň rezolýusiýalaryny äsgermän geçiren ýadrowe ballistik raketa synaglary Phenýan bilen Birleşen Ştatlaryň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň arasynda dartgynlylyk döretdi.

Demirgazyk Koreýa2017-nji ýylda ballistik raketa synaglaryny geçirip, bu Günbatar ekspertleri tarapyndan tassyklanmadyk hem bolsa, özüniň ABŞ territoriýasyna zarba urmak mümkinçiligine eýe bolandygyny aýtdy.

ABŞ, ÝB, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi we beýlekiler Demirgazyk Koreýa garşy ysgyndan gaçyryjy maliýe sanksiýalaryny girizdi.

Phenýan golaýda halkara jemgyýetçiligi bilen ýaraşyk sözlerini aýtdy we bu krizisiň çözülmek umydyny güýçlendirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG