Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz parlamenti täze premýer-ministri we onuň hökümetini tassyk etdi


Täze bellenilen gyrgyz premýeri Muhammedkaliý Abylgaziýewi

Gyrgyz parlamenti öňki prezident Almazbek Atambaýewiň ýarany wezipesinden gyrakladylandan bir gün soň, Muhammedkaliý Abylgaziýewi Merkezi Aziýa ýurdunyň täze premýer-ministri wezipesine tassyk etdi.

Abylgaziýew tarapyndan teklip edilen we 20-nji aprelde parlament tarapyndan tassyklanan täze hökümet täze gelenlerden we Sapar Isakow döwründen galan öňki adamlardan yabarat.

Prezident Sooronbaý Jeenbekow Isakowyň hökümetini 19-njy aprelde, parlament öňki prezident bilen häzirki prezidentiň arasyndaky ýiti häkimiýet darkaşyny arasynda ynam bildirmezlik kararyna geleninden birnäçe sagat soň dargatdy.

Ynam bildirmezlik ses berişligi oppozisiýadaky deputatlar tarapyndan başlandy we onuň saňy oppozision partiýalaryň hökümetiň 2017-nji ýyldaky hasabatyny tankytlamagyna ýazdy.

Emma Atambaýewiň Sosial demokratik partiýasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän dolandyryjy koalisiýa birden Isakowa goldawyny kesdi we 120 orunly mejlisiň bar bolan 112 agzasynyň 101 sanysy oňa garşy ses berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG