Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Demokratik partiýa Orsýetiň, Trampyň saýlaw kampaniýasynyň we WikiLeaksiň üstünden şikaýat etdi


 Donald Tramp kiçi (Ç) bilen WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjyň ýanaşyk suraty.
Donald Tramp kiçi (Ç) bilen WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjyň ýanaşyk suraty.

ABŞ-nyň Demokratik partiýasy Orsýetiň hökümetine, prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasyna we “WikiLeaks” guramasyna garşy, olary 2016-njy ýyldaky ABŞ prezident saýlawlary kampaniýasyny bozmak we saýlawy Trampa ugrukdyrmak üçin dil düwüşmekde aýyplap, suda şikaýat arzasyny berdi.

20-nji aprelde Manhattandaky etrap suduna berlen sud şikaýatynda Trampyň saýlaw kampaniýasynyň ýokary derejeli resmileriniň Orsýetiň hökümeti we olaryň harby aňtaw gullugy bilen demokratlaryň prezidentlige kandidaty Hillari Klintona zyýan ýetirmek hem-de Trampa kömek etmek üçin Demokratik partiýanyň kompýuterlerine hakerlik etmekde dil düwüşendikleri öňe sürülýär.

Trampyň 2020-nji ýylda gaýtadan saýlanmagy baradaky kampaniýa bu sud şikaýatyny boş diýip atlandyrdy we onuň demokratlar üçin pul ýygnamak tagallasynyň bir bölegidigini öňe sürdi.

Ak tam bu sud şikaýaty barada bada-bat hiç bir zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG