Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada dünýäniň iň ýaşuly adamy 117 ýaşynda aradan çykdy


Dünýäniň iň ýaşuly adamy hasaplanylýan Nabi Tajima aradan çykdy.
Dünýäniň iň ýaşuly adamy hasaplanylýan Nabi Tajima aradan çykdy.

Dünýäniň iň ýaşuly adamy hasaplanylýan Nabi Tajima Ýaponiýanyň Kikaý şäherindäki hassahanada aradan çykdy diýip, ýerli resmiler aýtdylar.

Ol ýanwar aýynda Kikaýdaky hassahana ýerleşdirilip, şondan bäri düşekde ýatyrdy. Kikaý iň günorta Ýaponiýadaky esasydört adanyň biri bolan Kýuşuda ýerleşýär.

Tajima 1900-njy ýylyň 4-nji awgustynda dünýä indi we onuň yzynda galan nesilleriniň, agtyk-çowluklarynyň we ýuwluklarynyň sany 160 diýip hasaplanylýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Gerontologiýa barlaglary toparynyň ýazgylaryna görä,
dünýäniň iň ýaşuly adamy indi beýleki bir ýapon aýaly, Çiýo Ýoşida boldy. Ol 116 ýaşynda.

18-nji aprelde dünýäniň iň ýaşuly adamy diýip hasaplanylýan erkek Çilide, 121 ýaşynda öz ýatýan krowatyndan ýykylyp öldi.

XS
SM
MD
LG