Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gaýtadan ýurduň milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna saýlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresinde, Türkmenistan
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresinde, Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň milli olimpiýa komitetiniň baştutany wezipesine gaýtadan saýlandy.

Türkmenistanyň milli olimpiýa komitetiniň Baş assambleýasynyň gatnaşyjylary onuň ýolbaşçysy wezipesine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy gaýtadan saýlamak barada biragyzdan ses berdiler diýip, resmi media habar berýär.

Resmi maglumata görä, milli olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary sport we ýaşlar syýasaty boýunça ministr Daýanç Gulgeldiýew hem wezipesine gaýtadan saýlanypdyr. Birinji orunbasar wezipesine türkmen hökümetinde ylyma, bilime, saglygy saklaýyşa we sporta gözegçilik edýän wise-premýer Purli Agamyradow bellenipdir.

1990-njy ýylda düýbi tutulyp, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan 1993-nji ýylda ykrar edilen Türkmenistanyň milli olimpiýa komiteti öz öňünde ýurtda sporty ösdürmek wezipesini goýýar.

XS
SM
MD
LG