Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti demokratik prosesleri gowşatmazlygy wada berdi


Ses berijileri hasaba almak boýunça merkezde bolan partlamanyň netijeleri, Kabul, 22-nji aprel, 2018.
Ses berijileri hasaba almak boýunça merkezde bolan partlamanyň netijeleri, Kabul, 22-nji aprel, 2018.

Owganystanyň prezidenti ganly partlamadan soň ýurtda demokratik prosesleri togtatmazlygy wada berdi.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Kabulyň merkezinde ses berijileri hasaba almak boýunça merkezde bolan köp adam pidaly partlamadan soň ýurduň demokratik proseslerini “gowşatmajagyny” aýtdy.

22-nji aprelde Kabulda şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan Daşte Barçi etrabynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan 57 adam wepat boldy we 119 adam ýaralandy. Resmiler pidalaryň sanynyň barha köpelýändigini aýdýarlar.

“Yslam döwleti” (YD) topary bu hüjüme özüniň jogapkärdigini “Amak” täzelikler agentligi arkaly mälim etdi. Bu sünni musulman topary Owganystanyň şaýy azlygyna yzygiderli hüjüm edýär.

Owganystanyň hökümeti ýetip gelýän saýlawlara taýýarlyk görüp, 10 million çemesi ses berijini hasaba almak üçin ýurduň dürli künjeklerinde 7000 çemesi merkezi ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG