Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň gündogarynda söweşen gazak raýaty sud edilýär


Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheri.
Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheri.

Gazagystanyň Karakhandi şäherinde Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň goldaýan separatistleriniň tarapynda söweşen gazak raýatynyň sud işi başlandy.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk 31 ýaşly raýata 2015-nji we 2016-njy ýyllarda “daşary ýurtdaky ýaragly konfliktlere gatnaşmakda” aýyplama bildirilýär.

Ukrainanyň gündogaryndaky barýan söweş bilen baglylykda birnäçe gazak raýaty sud edilip, türme tussaglygyna hem höküm edilipdi.

2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alypdy. Russiýanyň bu hereketi Kiýew we Günbatar tarapyndan ýazgarylypdy. Şeýle-de, Moskwa Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýlerine garşy söweşýän separatistlere goldaw berýär.

XS
SM
MD
LG