Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tatarystanda Hizb ut-Tahririň güman edilýän agzalary tutuldy


Hizb ut-Tahrir yslam halyflygynyň döredilmegini niýet edinýär.

Russiýanyň Tatarystan respublikasynda gadagan edilen Hizb ut-Tahrir toparynyň agzasy bolmakda öýdülýän 14 adam tussag edildi.

Howpsuzlyk boýunça Federal Gullugunyň beren maglumatyna görä, Kazanda geçirilen operasiýanyň çäklerinde 14 öý dökülip, ekstremistik mazmunlydygy çaklanylýan kitaplar hem ele salnypdyr.

Rus we ozalky sowet respublikalary Hizb ut-Tahririň ýaşlary radikallaşdyryp, olary Siriýada we Yrakda söweşmek üçin hakyna tutýandygyny aýdýarlar.

Hizb ut-Tahrir düýbi Londonda ýerleşýän sünni-syýasy guramadyr. Ol ähli musulman döwletlerini birleşdirip, yslam halyflygynyň döredilmegini niýet edinýär.

Russiýada we Merkezi Aziýa döwletlerinde gadagan edilen bu topar öz maksatlarynyň parahatçylyklydygyny öňe sürýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG