Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetsiz reportýorlar: Media azatlygyny diňe bir diktator režimleri çäklendirmeýär


“Media azatlygynyň indeksi”
“Media azatlygynyň indeksi”

Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy söz erkinliginiň indi diňe bir awtoritar we diktator režimleri tarapyndan çäklendirilmeýändigini aýdýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň nobatdaky ýyllyk “Media azatlygynyň indeksi” hasabatynda 180 ýurtdaky medianyň ýagdaýyna syn berilýär.

Hasabatda ABŞ-nyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň orunlarynyň geçen ýylkylara garanyňda aşak düşendigini görse bolýar. Mysal üçin, ABŞ iki orun gaçyp, ol 45-nji ýerde ýerleşdirildi.

“Indi, media azatlygyny diňe Türkiýe ýa Müsür ýaly awtoritar döwletleriň syýasy liderleri çäklendirmeýär” diýip, hasabatda bellenilýär.

Türkmenistan bu hasabatda 180 ýurduň arasynda 178-nji ýerde ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG