Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet basym Siriýa täze howa goragy sistemasyny eltjekdigini aýdýar


Eýran, harby maşyn Orsýetde öndürilen S-300 howa goragy sistemasyny alyp barýar. Tähran, 18-nji aprel, 2017 ý.

Orsýetiň harbylary basym Siriýa täze howa goragy sistemasyny eltjekdiklerini aýtdylar. Bu habar golaýda ABŞ, Britaniýa we Germaniýa tarapyndan Siriýanyň bar diýilýän himiki ýarag desgalaryny nyşana alan raketa hüjümleri bilen bagly.

Orsýetiň baş ştabynyň general-polkownigi Sergeý Rudskoý 25-nji aprelde Moskwa Siriýany “basym täze howa goragy sistemasy” bilen üpjün eder diýdi. Emma ol bu ýaraglaryň anyk görnüşini aýtmakdan saklandy.

Şu aralykda rus metbugatynda Moskwanyň öz ýokary hilli S-300 ýer-gök raketa sistemalaryny Siriýa satmagyň pikirini edýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

14-nji aprelde Günbatar döwletleriniň Siriýa uran howa zarbasyndan soň Orsýetiň ýokary derejeli resmileri Moskwanyň on ýyl ozal Siriýany S-300 sistemasy bilen üpjün etmezlik barada beren wadasyna gaýtadan seretmeginiň ahmaldygyny aýtdylar.

Günbatar zarbalary Duma şäherine garşy ulanylandygy güman edilýän himiki hüjümlere jogap hökümnde uruldy. 7-njj aprelde gozgalaňçylaryň elindäki Duma şäherinde edilen hüjümde 40-dan gowrak adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG