Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek kinosyny esaslandyryjylaryň biri Abbosow 87 ýaşynda aradan çykdy


Şöhrat Abbosow 87 ýaşynda aradan çykdy.

Özbek kinosyny esaslandyryjylaryň biri diýip tanalýan tanymal teatr we kino režissýory Şöhrat Abbosow 25-nji aprelde 87 ýaşynda aradan çykdy.

Abbosowyň garyndaşlary Azatlyk radiosyna ozalky Sowet Soýuzynda filmleri arkaly gowy tanalan kinorežissýoryň Daşkentde aradan çykandygyny aýtdylar.

Abbosow “Özbekfilm” kino studisýasynda kino düşürmek işine 1959-njy ýylda başlady.

Onuň “Mähelle gybatlary”, “Sen ýetim däl”, “Daşkent – çörekli şäher”, “Oduň ýollary”, “Uly uruşdaky kiçijik adam” filmleri meşhur boldy.

XS
SM
MD
LG