Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Eýran Siriýada 80 müň şaýy söweşijisini hakyna tutdy


Ysraýylyň BMG-däki ilçisi Danny Danon
Ysraýylyň BMG-däki ilçisi Danny Danon

Eýran Siriýada söweşmek üçin 80 müň töweregi şaýy söweşijisini hakyna tutdy we Damaskyň golaýynda türgenleşik merkezini esaslandyrdy diýip, Ysraýylyň BMG-däki ilçisi aýtdy.

Danny Danon türgenleşik merkeziniň paýtagt Damaskdan sekiz kilometr uzaklykda ýerleşýändigini aýtdy.

Eýran we Russiýa Siriýadaky konfliktde prezident Başar al-Assada we onuň hökümetine möhüm goldawy berip gelýär. Ýedi ýyllap dowam edýän bu konfliktde ýüzlerçe müň adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG