Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pompeo Brýusselde NATO-nyň maslahatyna gatnaşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň täze döwlet sekretary Maýk Pompeo, bu wezipä kasam getireninden bir gün soň, Russiýanyň Ýewropadaky aggressiýasyny NATO ýaranlary bilen maslahat etmek üçin, 27-nji aprelde Brýussele geldi.

Ozalky armiýa ofiseri, soňky 15 aýyň dowamynda Merkezi Aňtaw Edarasynyň ýolbaşçysy bolan respublikan kongresmeni Pompeonyň Donald Trampyň alyp barýan syýasatyny berk goldaýandygy aýdylýar.

NATO ministrleriniň bu maslahaty Ýaranlygyň liderleriniň iýulda geçirjek sammitine ýol açar.

Döwlet departamentiniň bir resmisi gepleşiklerde Russiýanyň Ukrainadaky, Gürjüstandaky, Siriýadaky aggressiýasynyň we NATO-nyň gündogar serhetlerini berkitmek planlarynyň maslahat ediljekdigini mälim etdi.

Brýusselden soň Pompeo Saud Arabystanyna, Iordaniýa we Ysraýyla sapar eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG