Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow uruş weteranlaryna öz adyndan $11 sowgat bermegi tabşyrdy


Uruş weteranlary.
Uruş weteranlary.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna öz adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky karara gol çekdi.

Türkmen mediasy ýurtda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygyny nygtaýar. "Döwletimiz olaryň saglygy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada hemişe alada edýär" diýip, TDH ýazýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda aýatda diri uruş weteranlarynyň we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň anyk sany barada metbugatda açyk maglumat berilmeýär.

Şu aralykda Türkmenistanda ABŞ dollarynyň "gara bazardaky" bahasy 18 manada ýetdi. Emma onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen kursy 1 dollara 3,5 manat möçberinde saklanyp galýar. 200 manat resmi kursa görä 57 dollar, "gara bazar" kursuna görä 11 dollar çemesindäki pul bolýar.

Geçen ýyl hem uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan 200 manat sowgat berlipdi, ol wagt bu serşde dollaryň "gara bazar" nyrhynda 30 dollara golaý pul bolýardy.


XS
SM
MD
LG